EASA Aşgabat howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
EASA Aşgabat howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygyny tassyklady
EASA-nyň bilermenleri “Türkmenhowaýollary” tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, Türkmenistanyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça geçirilýän işlere oňyn baha berdiler.

Ýewropanyň howa gatnawlarynyň howpsuzlyk agentliginiň (EASA) bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigi tassyklandy.

Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow aýtdy.

Agentligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, EASA-nyň bilermenleri “Türkmenhowaýollary” tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, Türkmenistanyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça geçirilýän işlere oňyn baha berdiler.

Döwlet Baştutany bu ýagdaýyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işiniň ýokary derejesine we hiline şaýatlyk edýändigini, munuň bolsa Ýewropa ugrunda ýolagçylary gatnatmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezowa agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Bu meselede bazar nyrhlaryndan ugur alynmalydygy bellenildi.

“Türkmenhowaýollary”-nyň Ýewropadaky hyzmatdaşlaryndan “FlyTurkmenistanAirlines.EU” syýahatçylyk agentligi öz saýtynda duşenbe güni ýerleşdiren metbugat beýanatynda 26-njy oktýabrdan başlap “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat – Frankfurt ugry boýunça uçuşlary gaýtadan dikeltjekdigini mälim etdi.

Merkezi Germaniýanyň Köln şäherinde ýerleşýän EASA Ýewropa bileleşiginiň agentligi bolup, ol 2002-nji ýylda döredildi. Gurama Ýewropanyň howa giňişliginde raýat awiasaýasy boýunça howpsuzlygy üpjün etmek işini amala aşyrýar.

2022