Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa bolan resmi saparynyň barşynda şu ýylyň noýabrynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji oktýabrda Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň noýabrda guralmagy meýilleşdirilýän Italiýa resmi saparyna aýratyn üns berlen gepleşikleriň dowamynda bu saparyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-italýan işewürler maslahatyna degişli meselelere hem seredilip geçildi.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň Aşgabat bilen Rimi syýasy, ykdysady we medeni derejelerde baglanyşdyrýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm waka boljakdygyna ynanýandygyny belläp, Kwirinal köşgünde geçiriljek duşuşyga garaşýandygyny aýdypdy.