Britan Ilçisi Türkmenistanyň baş diplomaty tarapyndan kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Britan Ilçisi Türkmenistanyň baş diplomaty tarapyndan kabul edildi
Diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketler barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpottyň duşuşygy geçirildi.

Çarşenbe güni geçirilen duşuşykda diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.

Hyzmatdaşlygyň önjeýlilige gönükdirilendigini nazarda tutmak bilen türkmen tarapy Ilçä onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine gönükdirilen işinde hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Täze bellenen Ilçi 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilipdi. Şol duşuşykda ýurt Baştutany we Doly ygtyýarly wekil döwletara hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.