Türkmenistan bilen BMG gümrük barlaglary barada pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BMG gümrük barlaglary barada pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy 6 sany gümrükhanadan we 51 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Sebitleýin wekili Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi.

Penşenbe güni geçirilen duşuşykda Aşita Mittal Gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň – Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça – Maksatnamasyna” işjeň gatnaşygyna ýokary baha berdi.

Gepleşiklerde, esasan, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2019-2021-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasy (“Yol kartasy”) bilen bagly çäreler ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň zerurlygyny bellediler. Türkmenistan Bütindünýä Gümrük Guramasynyň agzasydyr.

1991-nji ýylyň noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy 6 sany gümrükhanadan we 51 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr. Gümrük nokatlarynyň ýerleşýän ýeriniň iş aýratynlyklaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlara gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmeler Aşgabat şäher we Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýat gümrükhanalary tarapyndan amala aşyrylýar.

2022