Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Çarşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şonuň ýaly-da hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn itergi berýän ikitaraplaýyn saparlaryň möhüm ähmiýeti hakynda hem gürrüň etdiler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşini belläp geçen diplomatlar, şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň ösdürilmegi we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi üçin iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy arkaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginiň wajypdygy aýdyldy.
Şeýle-de oba hojalygy, energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri hakynda gürrüň edildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.