Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşar
Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigi bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen 25-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna sapar eder.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bellenilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammiti barada durup geçmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belläp geçdi.

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi hem bar.

2022