Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) hususy pudagyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň (HYK) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi diýip, “Rysgal” gazeti habar berýär.
17-nji oktýabrda geçen duşuşyga Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň Aziýa we Gündogar bölüminiň baş dolandyryjysy Abdul Aleem Habib Mohamed, GDA döwletleriniň Aragatnaşyklar boýunça dolandyryjysy Hojamurod Hojaýew, TSTB-niň Halkara bölüminiň müdiri we “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň we “Rysgal” gazetiniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Söwdany maliýeleşdirmek boýunça bolup geçen duşuşykda Korporasiýanyň hyzmatlary bilen tanyşdyrmak, ýerli banklara karz ugry boýunça maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri, şeýle hem Çarçuwaly Hyzmatdaşlyk Ylalaşygy maslahatlaşyldy.
Duşuşykda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy türkmen hususyýetçileriniň işleri, milli telekeçileriň maliýe-ykdysady ýagdaýy bilen myhmanlary tanyşdyrdy. Şeýle hem bank ulgamynda daşary ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdi.