Türkmen wekiliýeti Hytaý – Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Hytaý – Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy
Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen maslahatlaşan esasy meseleleri boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde 18-19-njy oktýabrda Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.

Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini – döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerini jemledi.

Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň forumynyň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar.

Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti logistika, elektron täjirçiligi, “akylly şäherleriň” bilelikdäki gurluşygy, dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Hytaý – ASEAN” EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylaryny, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi.

Bu forumyň esasy wezipesi Hytaýyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze badalga bermekden, onuň täze görnüşlerini kesgitlemekden hem-de bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ylalaşylan çemeleşmeleri we gurallary işläp taýýarlamakdan ybarat bolup 2012-nji ýylda döredildi. 

2022