Tbiliside türkmen-gruzin topary üstaşyr geçelgeleri boýunça pikir alyşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tbiliside türkmen-gruzin topary üstaşyr geçelgeleri boýunça pikir alyşýar
22-23-nji oktýabrda geçiriljek Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna hem gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň sapary 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin topary söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Duşenbe güni başlan toparyň ikinji mejlisinde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa, Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär.

Taraplar ýokary depginde ikitaraplaýyn üstaşyr geçelgeleriniň möçberiniň artýandygyny göz öňünde tutup, halkara ikitaraplaýyn, üstaşyr geçelgeleri üçin goşmaça rugsatnamalaryň artdyrmaklygyň zerurdygyny bellediler.

22-23-nji oktýabrda geçiriljek Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna hem gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň sapary 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe bäş ýurdy birleşdirjek “Lazurit” ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

2022