Sişenbe güni türkmen işewürlik wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine bolan iş sapary başlady.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden alnan maglumata görä, bu sapar 24-nji oktýabrda Seul şäherinde geçiriljek birinji türkmen-koreý işewürler geňeşiniň birinji mejlisiniň çäklerinde amala aşyrylýar.
Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň birinji mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, TSTB-niň, “Ýokary tilsimatlar merkezi” hojalyk jemgyýetiniň, “Altyn-Kanun” hojalyk jemgyýetiniň, “Arkadaş Gurluşyk” hususy kärhanasynyň wekilleri gatnaşar.
19 adamlyk türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyndaky sapary 25-nji oktýabra çenli dowam eder.