“Terminator: gara maňlaý” Türkmenistanda 31-nji oktýabrda görkeziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Terminator: gara maňlaý” Türkmenistanda 31-nji oktýabrda görkeziler
Täze kinoda Arnold Şwarsenegger bilen hatarda Lina Hamilton, Makkenzi Dewis, Natalia Reyes, Gabriel Luna we Diego Boneta hem oýnaýar.

Meşhur “Terminator” kinolarynyň altynjysy bolan “Terminator: gara maňlaý” Türkmenistanda 31-nji oktýabrda görkezilişe girer.

Täze kinoda adyny eşideniňde “Terminator” sözüni ýada salýan tanymal aktýor Arnold Şwarsenegger bilen bir hatarda Lina Hamilton, Makkenzi Dewis, Natalia Reyes, Gabriel Luna we Diego Boneta hem oýnaýar.

Býudjeti 160-200 million amerikan dollary bolan “Terminator: Gara maňlaý”-yň dowamlylygy 128 minut.

Jeýms Kameron we Dewid Ellisonyň prodýuserliginde düşürilen täze film tomaşaçylara 1991-nji ýylda çykarylan “Terminator 2” kinosyny ýatladýar. Şol kinoda Sara Konnaryň keşbini ýerine ýetiren Linda Hamilton “Terminator: gara maňlaý”-da hem bu keşbiň dowamyny getirýär.

“Terminator 2”-niň prodýuserligini we režissýorlygyny Jeýms Kameron ýerine ýetiripdi. Prodýuseriň şol kinodan soňra düşürilen “Terminator” filmleriniň düşürilişine gatnaşman, “Terminator: gara maňlaý”-yň prodýuseri hökmünde çykyş etmegi iki filmiň arasyndaky baglanyşygyň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Täze film 2016-njy ýylda çykarylan “Dedpul” filmi bilen ilkinji kino režissýorlyk tejribesini gazanan Tim Milleriň ikinji filmi bolar.

“Terminator: gara maňlaý” ABŞ-da we Türkiýede 1-nji noýabrda, Russiýada bolsa 31-nji oktýabrda görkezilişe girer.