Iri ýapon kompaniýalary bilen täze taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iri ýapon kompaniýalary bilen täze taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär
1-nji oktýabrdaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-niň 12 millard dollaryna barabar bolan taslamalaryň 37 sanysy hasaba alnan.

Tokionyň “Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirliginde duşuşyk geçirdi.

Çarşenbe güni geçen duşuşykda “ITOCHU”, “Sojitz”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries” we beýleki birnäçe dünýä belli korporasiýalaryň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň wekilçiligindäki türkmen tarapy gatnaşdy.

Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini hem-de senagat-tehnologiki infrastrukturanyň ösdürilmegi ulgamyndaky täze bilelikdäki taslamalaryň taýýarlanylmagy boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellendi.

Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, hususan-da işewürligiň guramaçylygy we dolandyrylyşy, bäsdeşlige ukyplylygy ýokary bolan önümçilikleriň döredilmegi, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlygy ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribeleriniň işjeň çekilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasyna öwrüldi.

Işewür hem-de açyk söhbetdeşlik ýagdaýynda geçirilen iş ertirliginiň barşynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady pudaklarynda, himiýa senagatynda, ulag ulgamynda, oba we suw hojalygynda we özara gyzyklanmalaryň ýüze çykýan beýleki wajyp ugurlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we ony işjeňleşdirmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-niň 12 millard dollaryna barabar bolan maliýe goýum taslamalarynyň 37 sanysy hasaba alnan.

2022