TOPH taslamasy gaz geçirijiniň geçýän ýerlerindäki hemişelik ýaşaýyş ýerleriniň üýtgemegine sebäp bolmazdan amala aşyrylar.
Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 22-23-nji oktýabrda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahatyň ikinji gününde eden çykyşynda mälim eden “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň direktory Muhammetmyrat Amanow ýer hukuklarynyň çäklerinde ýer ylalaşyklaryny 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde baglaşmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Gaz geçirijiniň jemgyýete we daşky gurşawa boljak täsiri baradaky barlaglaryň “Jacobs” maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan taýýarlanandygyny bellän Amanow ýurtlaryň daşky gurşawy goramak boýunça döwlet edaralaryndan degişli rugsatlaryň alnandygyny nygtady.
Amanow taslamanyň gurluşyny we öňünden geçirilýan inženerçilik işlerini kämilleşdirmekde “Wood Group” we “Bilfinger Tebodin” kompaniýalaryndan goldaw alandyklaryny belläp, TOPH-nyň Owganystan we Pakistan bölekleriniň howpsuzlyk protokollarynyň üstümizdäki ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanjakdygyny aýan etdi.
Gaz geçirijiniň gurluşygynda ulanyljak turbalar Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna getiriler we bu ýerden degişli ýurtlara ugradylar.
Bu barada maglumat beren Amanow logistika hyzmatlary boýunça degişli şertnamalara öňümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde gol çekiljekdigini belledi.
Amanow TOPH gaz geçirijisiniň maliýe ýagdaýy barada aýdyp, Ýewropanyň, Aziýanyň we Russiýanyň eksport boýunça karz agentlikleriniň taslama gyzyklanma bildirýändiklerini sözlerine goşdy.
Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gaz geçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.