Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşýar.
Sammite gatnaşmak üçin irden Baku şäherine gelen döwlet Baştutanyny Geýdar Aliýew adyndaky howa menzilinde Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew, Daşary işler ministriniň orunbasary Mahmud Mamedguliýew we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Bu barada “Trend” agentligi habar berýär.
Goşulyşmazlyk Hereketi halkara guramasy 1961-nji ýylda Belgrad konferensiýasynyň netijesinde döredildi. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň XI sammitinde bu gurama agza boldy.