Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary barada we Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
TOPH-nyň türkmen böleginiň gurluşygy dowam edýär
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow hasabatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny we umuman, bu taslamanyň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Prezident Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Telekommunikasiýalar we informatika institutynda IT meýdançasy açylar
Mejlisiň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IT meýdançasyny açmak üçin alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow institutyň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýdançany döretmegiň taslamasynyň taýýarlanandygy habar berdi.
Wise-premýer bu ýerde hünärmenlere hem-de talyplara diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak we tehnologiýa babatynda bilim derejesini artdyrmak däl, eýsem tejribe alyşmak hem-de programma üpjünçiligi ulgamynda okuw geçmek mümkinçiliginiň hem dörediljekdigini belledi.
Işewürlik maslahatyna 100-den gowrak italýan kompaniýa gatnaşar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyň çäklerinde Milan şäherinde 6-njy noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer işewürler maslahatyna italýan kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň gatnaşjakdygyny belläp, duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Gylyjow 21-nji oktýabrda Tokio şäherinde geçirilen işewürler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berip, ýapon işewürleriniň türkmen harytlaryny, şol sanda milli el halylaryny daşary ýurtlara ibermek babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirendigini mälim etdi.
690 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişi tamamlandy
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew ýerli ekerançylaryň geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini doly tamamlandygyny aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde görülýän çäreleriň Türkmenistanyň bu pudagyny ýokary düşewüntli ulgama öwürmelidigini belledi.
Birnäçe Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga seljerme işleri geçirilip, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň we Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek talap edilýän birnäçe kanunlaryň, hususan-da, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Bilim hakynda”, “Syýasy partiýalar hakynda”, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda”, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýandygyny habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky maksatnamanyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, milli we halkara ölçeglerine, häzirki zamanyň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirmegi tabşyrdy.