Lebabyň sement zawody önümçiliginiň 34 göterimden gowragyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň sement zawody önümçiliginiň 34 göterimden gowragyny eksport etdi
Bu ýerde öndürilýän sementiň möçberini her ýylda 1,5 million tonna ýetirmäge mümkinçilik bar.

Lebap sement zawodynyň şy ýylda eksport eden sementiniň mukdary 223 müň 629,3 tonnadan geçdi.

Esasy eksport ugurlary Owganystan we Özbegistan bolup durýan bu zawod ýylyň birinji dokuz aýynda 86,5 million manatlyk 651 müň 347 tonna sement öndürdi. Bu mukdaryň 325 müň 588 tonnasyny M-500 markaly sement üpjün etdi.

Sement önümi üçin esasy çig mal bu kärhananyň golaýyndaky ýörite känden alynýar. Bu ýerde sementiň jemi üç görnüşi öndürilmek bilen, degişli hünärmenler sarp edijileriň isleglerini öwrenip durýarlar.

Zawodda ýöriteleşdirilen barlaghanalaryň 3-si bar. Himiki spektral, fiziki, tehnologik barlaglaryň netijesi dessine seljerilip, önümçiligiň işine üýtgetmeler girizilip durulýar. Önümçilikde emele gelýän gazlar we tozan daşky gurşawa zyýan ýetirmez ýaly, “Luma” ulgamy ähli bölümlerde oturdylypdyr. Ol enjamlar bolsa kärhananyň içinde we onuň daşynda arassa howanyň saklanmagyny üpjün edýär.

Kärhananyň önümçilige gözegçilik bölüminiň başlygy Seýitnazar Sadullaýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde oturdylan önümçilik we beýleki enjamlaryň ählisi dünýäniň iň ösen ýurtlarynda ulanylýan kämil tehnologiýa esaslanýar. Daşlary owradyjy we 1300 gradus gyzdyryjy sehiň işi üznüksiz bolup, ýörite kompýuterler arkaly dolandyrylýar we gözegçilik edilýär.

Ýörite hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerde öndürilýän sementiň möçberini her ýylda 1,5 million tonna ýetirmäge mümkinçilik bar. Zawod 2018-nji ýylda 935 müň 617 tonna sement öndürdi.

2022