TSTB bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar
Fatih Türkmenoglu ÝTÖB-niň türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamy bilen hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Aleksandr Dadaýew Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilliginiň täze bellenen başlygy Fatih Türkmenogluny kabul etdi.

TSTB-niň habar bermegine görä, 25-nji oktýabrda geçen duşuşykda myhman Birleşmäniň döredilen 11 ýylyndan bäri ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar, balykçylyk ýaly täze ugurlar barada aýdyldy.

Aýratyn hem, TSTB tarapyndan durmuşa geçiriljek daşary ýurtly maýadarlary çekmek boýunça iri taslamalara, şeýle hem bu ugurda banklaryň ornuna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, işewürler toparyň duşuşyklarynyň, golaýda Ýaponiýada geçen forumyň, şeýle hem 6-njy noýabrda türkmen-italiýan işewürlik forumynyň ähmiýetleri barada pikir alşyldy.

Fatih Türkmenoglu ÝTÖB-niň türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamy bilen hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp, TSTB-niň agzalary bolan kiçi we orta telekeçilere berilýän goldawlaryň dowam ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenoglu türkmen hususyýetçileri bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ýagdaýda saklanyljakdygyny mälim etdi.

Duşuşyga TSTB-niň halkara bölüminiň ýolbaşçylary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň direktory gatnaşdy.