“Norwind Airlines” Türkmenabat–Moskwa aralygynda ýolagçy gatnatmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Norwind Airlines” Türkmenabat–Moskwa aralygynda ýolagçy gatnatmagy meýilleşdirýär
Şu ýylyň geçen dokuz aýynda ugradylan ýolagçylaryň sany 212 müň, kabul edilenleri 210 müň adamdan geçdi.

Russiýanyň “Norwind Airlines” kompaniýasy Türkmenabadyň Halkara howa menziline Türkmenabat–Moskwa ugry boýunça ýolagçy gatnatmaga isleg bildirýär. Bu barada “Türkmen Gündogary” gazeti habar berýär.

Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Türkmenabadyň howa menzilinde ýangyç guýmak maksatly düşleýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan “Norwind Airlinesiň” uçarlary dünýäniň 26 döwletiniň 97 howa menziline uçuşlary amala aşyrýar. Türkmenabadyň howa menzili hem kompaniýanyň resmi saýtynda uçuş nokatlarynyň biri hökmünde görkezilýär.

Ýurduň gündogar sebitinde ýerleşýän Halkara howa menzilinde, şeýle hem Belarusyň, Ukrainanyň, Russiýanyň birnäçe awiakompaniýalarynyň uçarlary tehniki we ýangyç guýmak hyzmatlaryny alýarlar.

Geçen ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menzili 600 gektar meýdanda ýerleşip, onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3800 metre we ini 60 metre barabardyr.

Şu ýylyň geçen dokuz aýynda ugradylan ýolagçylaryň sany 212 müň, kabul edilenleri 210 müň adamdan geçdi. Şeýle hem ugradylan ýükler 463 müň, kabul edilenleri 527 müň tonnadan gowrak boldy. Ýylyň dokuz aýynda menzilden 5 tonna golaý poçta ugradylyp, 8 tonna golaýy kabul edildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022