“Dragon oil” kompaniýasy Türkmenistandaky önümçilik mukdaryny 10 esse ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon oil” kompaniýasy Türkmenistandaky önümçilik mukdaryny 10 esse ýokarlandyrdy
“Dragon oil” kompaniýasy “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde önümleri bölüşmek baradaky şertnamanyň esasynda uglewodorod çig malyny 2000-nji ýyldan bäri gazyp alýar.

“Dragon oil” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň bir gije-gündizde ortaça gazylyp alynýan möçberini 10 esseden gowrak artdyrdy.

Kompaniýanyň işewürligi goldamak boýunça direktory Ibragim Parkuýew bu netijäniň “Jygalybeg” we “Jeýtun” ýataklarynda täze guýularyň burawlanmagy we ulanylýan guýularyň düýpli abatlanmagy netijesinde gazanylandygyny belledi.

I.Parkuýew “Dragon oil” kompaniýasynyň uglewodorodlaryň gazylyp çykarylyşyny ýokarlandyrmagy dowam etdirjekdigini nygtady.

Kompaniýanyň wekili Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklaryny özleşdirmek ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny belläp, “Türkmenistanyň nebti we gazy-2019” (OGT 2019) halkara maslahatynda şu mesele boýunça pikir alşylandygyny aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon oil” kompaniýasy “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde önümleri bölüşmek baradaky şertnamanyň esasynda uglewodorod çig malyny 2000-nji ýyldan bäri gazyp alýar.

Kompaniýa Türkmenistanda 6.6 milliard ABŞ dollaryna deň bolan maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirdi. “Dragon oil” 2018-nji ýylda “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde ýerleşýän 17 guýudan dört million tonnadan gowrak nebit çykardy.

2000-nji ýyldan bäri geçen döwürde bu çäkde çykarylýan gündelik uglewodorodlaryň möçberi 7,000 barrelden 80,000-100,000 barrele çenli ýokarlandy.

“Dragon oil”-iň Türkmenistan bilen şertnamasy 2025-nji ýylda tamamlanýar.