Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyly doldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyly doldy
Türkmenistanda 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli manadyň denominasiýasy amala aşyryldy.

Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň we onuň şaýlyklary bolan teňňäniň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyly dolýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ilkinji milli walýuta banklarda ilata ýetirilip başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli bank ulgamynyň işgärlerine iberen gutlagynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi diýip belleýär.

“Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär” diýip, Döwlet Baştutany bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda 2008-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygy ýeke-täk hümmete geçirildi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli manadyň denominasiýasy amala aşyryldy.

2022