Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda penşenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Migrasiýa gullugy öz resmi saýtynda habar berýär.
Duşuşygyň barşynda myhman Germaniýanyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ilçi sözüniň dowamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler.
Duşuşykda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Germaniýanyň hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.