Türkmenistanda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibi tassyklandy
Kabul edilen resminama Türkmenistanda kärende hyzmatlar bazaryny has-da giňeltmäge ýardam eder diýlip, mejlisde aýdyldy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Bu ulgamda gatnaşyklaryň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän resminama “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Kabul edilen resminama Türkmenistanda kärende hyzmatlar bazaryny has-da giňeltmäge ýardam eder diýlip, mejlisde aýdyldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, hususy telekeçiligiň ösmegi bilen baglylykda hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň döwrüň talabyna kybap getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibinde şertnamalary baglaşmagyň, olary bellige almagyň şertleri, kärendesine berijileriň we kärendeçileriň borçlary hem-de beýleki meseleler kesgitlenilýär.

“Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet emlägi maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça ulanylmaýan bolsa, ýöne tehniki ýagdaýy boýunça ulanmaga ýaramly bolsa we eger şeýle emlägiň kärendesi önümçilige zyýan ýetirmeýän bolsa, onda ol emläk wagtlaýyn kärendesine berlip bilner. 

2022