“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tehniki ýod we duz önümçiligini artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tehniki ýod we duz önümçiligini artdyrar
“Guwlyduz” kombinatynyň düzüminde kuwwaty ýylda 40,000 tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2,500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duzy öndürýän täze önümhana açylar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kombinatynyň düzüminde kuwwaty ýylda 40,000 tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2,500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duzy öndürýän täze önümhana açylar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow häzirki wagtda bu önümhananyň gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Wise-premýer Öwezow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Türkmenistanda ýoduň hem-de duzuň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, her ýyl tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragynyň öndürilýändigini aýtdy.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşen “Çukurguýy” meýdançasynda ýylda 90 tonna tehniki ýod öndürýän täze dört sany tejribe-senagat desgalary ulanmaga berildi.

Wise-premýeriň habar bermegine görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen tehniki ýoduň 300 tonnadan gowragyny goşmaça öndürmäge mümkinçilik dörär, bu bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň eksport mümkinçiliklerini artdyrar.

Ýakynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öndüren 1,800 tonna kaliý önümi Hytaý Halk Respublikasynyň “Çindau” portuna iberilipdi. 

2022