Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2-nji noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
“Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirilen mejlise Türkmenistan hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ŞHG-niň çäklerindäki maýa goýumyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.
Daşkentde Türkmenistanyň Daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.