Türkmenistanyň önümleri Hytaýyň Halkara sergisinde gözkezilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň önümleri Hytaýyň Halkara sergisinde gözkezilýär
Bu ýerde TSTB-niň agzalary eksporta gönükdirilen önümlerini sergileýärler.

Şanhaý şäherinde sişenbe güni ikinji gezek geçirilýän Hytaýyň importynyň “China International Import Expo-2019” sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) habar berýär.

Türkmenistan tarapyndan bu sergä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Senagat we kommunikasiýa ministrligi, “Türkmensenagat” agentligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Döwlet haryt-çig mal biržasy gatnaşýar.

Şeýle hem bu ýerde TSTB-niň agzalary eksporta gönükdirilen önümlerini sergileýärler. Halkara sergi 10-njy noýabra çenli dowam eder.

Geçen ýyl hem 5-10-njy noýabr aralygynda guralan “China International Import Expo-2018” sergisiniň ilkinjisine 150-den gowrak döwlet gatnaşdy.

2022