Türkmenabadyň dokmaçylyk fabriginden nah ýüplükleriniň 44 tonnasy Türkiýä ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň dokmaçylyk fabriginden nah ýüplükleriniň 44 tonnasy Türkiýä ugradyldy
Şu ýylyň ilkinji on aýynda fabrikde nah ýüplükleriniň 2890 tonna golaýy öndürildi.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginden 44 tonna 34-lik nah ýüplügi Türkiýe döwletine ugradyldy. Kärhanada geçginli harytlyk önümleriň öndürilişi barha artdyrylýar.

Şu ýylyň ilkinji on aýynda fabrikde nah ýüplükleriniň 2890 tonna golaýy öndürildi. Şeýlelikde, bu ýerde öndürilen önümiň pul möçberi 22 million manatdan gowrak boldy.

Ýyllyk taslama kuwwatlygy 4 müň tonna bolan Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginden önümlerine ýurdumyzyň dokma toplumlarynda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Lebap welaýatynda kämil tehnologiýaly nah, pamyk egirme fabrikleriniň dördüsi hereket edýär. Halaç etrabynda, Seýdi şäherinde we Türkmenabat şäherinde hem iki sany pagta egirme fabrikleri Lebap topragynda öndürilýän pagtanyň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemek bilen dünýä bazarynda iň bir geçginli harytlaryň uly möçberini öndürýär. Bu önümiň aglaba bölegini 14-likden tä 34-lik belgilä çenli bolan nah ýüplükleri tutýar.

2022