Türkmenistanyň wekiliýeti “Erkin söwda zolaklaryny ösdürmek” boýunça okuwa gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti “Erkin söwda zolaklaryny ösdürmek” boýunça okuwa gatnaşar
Hytaý Halk respublikasy tarapyndan guralýan bu okuw maslahaty 6-25-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) hünärmenleri we agzalary “Erkin söwda zolaklaryny ösdürmek” boýunça Hytaýda okuw maslahatyna gatnaşar. Hytaý Halk respublikasy tarapyndan guralýan bu okuw maslahaty 6-25-nji noýabr aralygynda geçiriler. Bu barada TSTB habar berýär.

Syýahatçylyk pudagy boýunça iş alyp barýan türkmen wekiliýeti 17-nji oktýabr bilen 5-nji noýabr aralygynda Hytaýda okuw maslahatyna gatnaşyp, bu ugurda hünärlerini ýokarlandyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda gol çeken “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny 17-nji oktýabrda metbugatda çap edileninden soňra güýje girdi.

Munuň esasynda 2017-nji ýylda kabul edilen Kanuna erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) işiniň aýratynlyklaryny kesgitleýän madda goşuldy.

2022