Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda täze önümhanalar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda täze önümhanalar gurlar
Häzirki wagtda ýag kärhansynda pagta çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagy, kir ýuwujy sabynlary, sary un, harpyk ýaly önümler öndürilýär.

Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda refinirlenen ýagy aklaýan, yssyzlandyrýan we pet görnüşinde gaplaýan täze önümhanalar gurmak kesgitlenildi. Olaryň kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna önüm öndürmäge barabardyr.

Şeýle hem bu zawodda 2021-nji ýylda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze önümhanalar hem işe giriziler. Bularyň kuwwaty ýylda 12,6 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen.

Häzirki wagtda bu ösümlik ýag kärhansynda pagta çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagy, kir ýuwujy sabynlary, sary un, harpyk ýaly önümler öndürilýär.

Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişlidir.

2022