Türkmenistanyň pagtaçylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Daýhanlar Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” hasylyny tabşyrdylar.
Aýratynlykda alanyňda, Ahal welaýaty 207 müň, Mary welaýaty 313 müň, Daşoguz welaýaty 230 müň, Balkan welaýaty 5 müň we Lebap welaýaty 300 müň tonnadan gowrak gowaça hasylyny ýygdylar.
Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler. Olara welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.
Häzirki wagtda borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren ekerançylar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak ugrunda zähmetini dowam edýärler.
Daýhanlara şu ýyl gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Öňümizdäki ýyl bugdaý ekiljek meýdanyň möçberi 760 müňden 690 müň gektara çenli azaldylar. Güýzlük bugdaýdan boşan ýerler gowaça ekmäge berler.