TDHÇMB-niň birža söwdalaryna harytlary çykarmak üçin zerur resminamalaryň sanawy (içerki bazara)

TDHÇMB
TDHÇMB-niň birža söwdalaryna harytlary çykarmak üçin zerur resminamalaryň sanawy (içerki bazara)

1. Harydy söwda çykarmak baradaky haýyş bilen Birža ýüzlenme haty.

2. Harydy satmak baradaky bellenen görnüşde doldurylan ýüztutma.

3. Harytlaryň TDHÇMB-nyň talaplaryna laýyklykda çykarylan ýöriteleşmesi.

4. Harydyň gelip çykyşy:

  • eger haryt satyjy tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirlen bolsa – şertnama, ýük gümrük jarnamasy;
  • eger haryt satyjy tarapyndan içerki bazarda satyn alnan bolsa – şertnama, harydy kabul etmek-tabşyrmak baradaky güwänama, töleg resminamasy şertnamanyň töleg şertlerine görä berilýär.

5. Haryt satyjynyň öz öndüren önümi bolmasa harydyň bazar bahasy barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumaty (baha barada maglumat bolmadyk ýagdaýynda – ýük gümrük jarnamasy).

6*. Eger, satyjy harydyň öndürijisi bolup durýan bolsa, öndürilen harydyň özüne düşýän bahasynyň hasaplamasy.

7. Laýyklyk güwänamasy (azyk önümleri we derman serşdeleri üçin).

8*. Ýolbaşçynyň we maddy jogapkär şahsyň gollary bilen, kärhananyň möhüri arkaly tassyklanan harydyň barlygy hakynda güwänama.

9. Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça degişli ygtyýarnama.

10. Telekeçilik işini amala aşyrmak hukugyny tassyklaýan resminamalar:

  • edara görnüşindäki taraplara – tertipnama ýa-da düzgünnama, EGTÝDS-dan göçürme, bellige alynandygy hakyndaky şahadatnama;
  • edara görnüşindäki tarapyny döretmeýän telekeçilere – patent we bellige alyş şahadatnamasy.

Bellik:

  1. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, şeýle hem ýüztutmanyň şertlerine baglylykda Biržanyň goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.
  2. Birža berilýän resminamalaryň ygtybarlylygy üçin harydyň satyjysy jogapkärçiligi çekýär.

*- hakyky (real) harydy haýal etmän gowşurmak ýa ibermek şerti bilen satyn alnanda-satylanda.

2022