Raýat-hukuk şertnamasynyň mazmuny

Raýat-hukuk şertnamasynyň mazmuny
Islendik şertnama haýsy boýunça bolsa-da, taraplaryň biri şertnamanyň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin töleg alýar ýa-da başga garşylyklaýyn öwezini dolunmagyna tölegli hasap edilýär.

Raýat-hukuk şertnamasy – bu fiziki şahsyň (fiziki şahslaryň) aralarynda ýa-da ýuridiki şahsyň (ýuridiki şahslaryň) aralarynda birek-biregiň hukuklaryny we borçlaryny bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirilen ylalaşykdyr.

Adalga üç ähmiýetde ulanylýar: şertnama hukuk gatnaşygy hökmünde; borçlary ýüze çykarýan ýuridiki hakykaty hökmünde; gatnaşyjylaryň erklerine göra borçlaryň döremegini belleýän hakykat resminamasy hökmünde;

Şertnamada her tarapdan düzgün hökmünde garşylyklaýyn kanagatlandyrylmagy talap edýär. Şertnamanyň taraplary bolup fiziki we ýuridiki şahslar, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk şahslar, şeýle hem telekeçilik işleri bilen meşgullanýan ýa-da meşgullanmaýan şahslar (düli halkara guramalary, döwlet we başgalar) çykyş edip bilerler.

Raýat-hukuk şertnamalary mazmuny boýunça şu aşakdakylara bölünýärler:

  1. Emläkleýin: emlägi başga birine geçirmäge gönükdirilen şertnamalar (satyn almak-satmak, sowgat etmek, alyş-çalyş, tabşyrmak);
  2. Işleri ýerine ýetirmek şertnamalary (potratçylyk şertnamasy);
  3. Hyzmatlary etmek şertnamalary (hukuk kömegini bermek, ätiýaçlandyryş, daşaýyş, saklap berme we ş.m.)

Şertnamalar tölegli we tölegsiz bolup biler. Islendik şertnama, haýsy boýunça bolsa-da, taraplaryň biri şertnamanyň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin töleg alýar ýa-da başga garşylyklaýyn (şeýle borçlara degişlilikde) öwezini dolunmagyna tölegli hasap edilýär. Tölegsiz şertnama haýsy boýunça bolsa-da, taraplaryň biri başga tarapyň öňünde ondan garşylyklaýyn öwezini dolunmagyny almazdan nämedir bir zada borçlanmagy bolup durýar. 

Şertnamanyň bir tarapy köp şahslar, has takygy şertnama baglaşylanda bir tarapda birnäçe şahslar bolup, beýleki tarapda bir şahs ýa-da birnäçe şahslar bolup biler.

Şertnama birnäçe dilde düzülip bilner. Şeýle ýagdaýda jedelleşilende, eger şertnamada haýsy-da bolsa bir diliň ähmiýetligi bellenilmedik halatynda, düzgüne laýyklykda degişli kazyýetde haýsy dilde iş dolandyryjylyk ýerine ýetirilýän bolsa şol dil hem esasy güýje eýedir. 

Şertnamalaryň görnüşleri:

  • Deslapky, esasy we goşmaça şertnamalary. Çarçuwa şertnamasy. Opsion şertnamasy.
  • Atly we atsyz şertnama;
  • Hakyky we konsesual şertnama;
  • Ýönekeý we garyşykly şertnama;
  • Tölegli we tölegsiz şertnama;
  • Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnama;
  • Özara şertnama;  
  • Jemagat şertnamasy;
  • Özara ylalaşykly we birleşme şertnamalary;

Deslapky şertnama – taraplaryň geljekde esasy şertnamany baglaşjakdyklaryny (şertnamadan öňki gepleşigiň netijesi bolup durýar) göz öňüne tutmakdyr.   

Esasy şertnama taraplaryň gönüden-göni borçlaryny we hukuklaryny döredýär. Şertnama hukugyň netijesini döredýär.  

Goşmaça şertnamalar esasy şertnamany ýerine ýetirilmeginiň dowamynda baglaşylýar we onuň närsesi bilen ýakyndan arabaglanşyklydyr.

Çarçuwa şertnamasy – şertnama taraplaryň borçnamaly gatnaşyklarynyň umumy şertlerini kesgitleýär, olar taraplaryň haýsy hem bolsa biriniň arza bermegi esasynda ýa-da başga görnüşde çarçuwa şertnamasyny ýerine ýetirilmegi esasynda taraplaryň aýratyn şertnama baglaşmak ýoly bilen takyklanyp we kesgitlenip bilner.

Opsion şertnamasy – bu goşmaça şertnama bolup, onuň salgylanmasy esasy şertnamada bolmalydyr.

BT Hukuk Bölümi

ENG TM TR РУС