Görnüşleri boýunça şertnamalaryň kesgitlemeleri

BT
Görnüşleri boýunça şertnamalaryň kesgitlemeleri
Ýönekeý şertnama bir närse barada gepleşikden ybarat bolup, garyşyk şertnama birwagtda birnäçe şertnamalaryň görnüşlerini özüne baglap bilýär.

Atly we atsyz şertnamalar

Atly şertnama – bu şertnama göni Raýat kodeksinde bellenendir (mysal üçin: satyn almak-satmak şertnamasy), atsyz şertnama – bu şertnamanyň göni Raýat kodeksine salgylanmasy ýokdur (mysal üçin: autsorsing şertnamasy).

Hakyky we  konsesual şertnamalar

Hakyky şertnama – baglaşmak üçin diňe taraplaryň ylalaşygy zerur bolman, esasy şertnamanyň närsesini geçirmek zerurdyr (mysal üçin: karz bermek şertnamasy), konsesual şertnamasy – taraplaryň şertnamanyň şertleri bilen ylalaşmagy ýeterlikdir, olar kanunlarda atlandyrylandyr ýa-da möhüm hökmünde kesgitlenendir (mysal üçin: satyn almak-satmak şertnamasy). Hakyky şertnama zadyň geçirilen pursadyndan, konsesual – taraplaryň gol çeken pursadyndan baglaşyldy diýip hasap edilýär.

Ýönekeý we garyşyk şertnamalar

Ýönekeý şertnama bir närse barada gepleşikden ybarat bolup, garyşyk şertnama birwagtda birnäçe şertnamalaryň görnüşlerini özüne baglap bilýär.   

Tölegli we tölegsiz şertnamalar

Tölegli şertnama beýleki tarapdan garşylyklaýyn tölegi almaklyk göz öňüne tutýar (satyn almak-satmak şertnamasy), tölegsiz şertnama – garşylyklaýyn tölegi alynmaýar (sowgat bermek şertnamasy). 

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalar

Ikitaraplaýyn – bir ýerde gatnaşyjylar iki tarap bolup çykyş edýär, köptaraplaýyn şertnamada bolsa gatnaşyjylar ikiden köp bolup çykyş edýär, mysal üçin lizing şertnamasy (üçtaraplaýyn: satyjy – lizingi beriji – satyn alyjy). Şertnama gönüden-göni şertnama gatnaşyjylaryň bähbidine baglaşylan we üçünji taraplaryň bähbitlerine baglaşylan şertnama bolup durýar. Gatnaşyjylaryň bähbidine baglaşylan şertnamada ony ýerine ýetirmegi talap etmek hukugy diňe şertnamada görkezilen taraplara degişlidir. Üçünji taraplaryň bähbitlerine düzülen şertnama - onuň ýerine ýetirilmegi şertnamanyň taraplary bolmaýan, şertnamada görkezilen şahslaryň bähbidine bolýar. 

Özara şertnama

Özara şertnamalary – iki tarapyň birek-birege özara borçlary we hukuklary bir ýerde ýüze çykýar. Bulara telekeçilik işlerinde baglaşylýan aglaba köpçülik şertnamalary degişlidir.

Jemagat şertnamasy

Jemagat şertnamasy – şertnama hemme isleg bildirýänler bilen birmeňzeş şertlerde baglaşylmalydyr. Taraplaryň biri hökmany telekeçilik işlerini amala aşyrýan şahs bolmalydyr (mysal üçin, dükanda satyn almak-satmak).  

Özara ylalaşykly şertnamalar we birikme şertnamalary

Özara ylalaşykly şertnamalar – bu şertnamalarda gatnaşyjylar borçlaryny we hukuklaryny özara ylalaşmalydyr. Birikme şertnamalary – şertnamanyň şertlerini taraplaryň diňe biri kesgitleýär (mysal üçin: aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmek hakyndaky şertnama).

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022