Işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarnamany nädip almaly?

BT
Işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarnamany nädip almaly?
Käbir telekeçilik işlerinde Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ygtyýarnama almaklyk zerur bolup durýar.

Telekeçilik işlerinde käbir kesgitlenen işleriň görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin degişli döwlet edarasyndan Türkmenistanyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” kanunyna laýyklykda ygtyýarnama almaklyk zerur bolup durýar.

Ygtyýarnama näme?

Ygtyýarnama – telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylan görnüşini amala aşyrmak hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý edip, ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamalar berilýän professional hyzmatlaryny bitirmek çygryndaky işi amala aşyrmaga bolan rugsat;

Ygtyýarnamaly – ygtyýarnama alan edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap;

Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy – ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ony gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, ygtyýarnamany togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan ýeke-täk usulyýet we maksatnama-tehniki ýörelgelerinde gurlan döwlet maglumat ulgamy.

Daşary ýurt edara görnüşindäki we şahsy taraplar, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplarynyňky ýaly şertlerde we tertipde ygtyýarnamalar almak hukugyna eýedirler, olaryň işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

Ygtyýarlylandyrmak telekeçilik işiniň we professional hyzmatlary bitirmek boýunça işiň monopolizasiýalaşmagyna ýa-da erkinliginiň çäklendirilmegine ýardam etmeli däldir.

Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek işiň görnüşleri degişlidir, olaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi ygtyýarlylandyrmadan başga beýleki usullar bilen amala aşyrylyp bilinmez.

Ygtyýarnamanyň hereketi

Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda berilýär.

Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi diňe ygtyýarnamany alan şahs tarapyndan ýerine ýetirlip bilner.

Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişlidir, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

Haçan-da işiň aýry-aýry görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamadan başga gaýry rugsat almak (ýer bölegini bermek we başgalar) talap edilen mahalynda şeýle rugsatlar ygtyýarnama alnandan soň berilýär. Ygtyýarnama bolmadyk mahalynda rugsat hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi, ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi üçin möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän döwlet pajy tölenilýär.

Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawy 

Işiň aşakdaky görnüşleri Türkmenistanyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” kanunyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir:

  1. lukmançylyk işi;
  2. dermançylyk işi;
  3. lukmançylyk-tehniki iş;
  4. dezinfeksion, dezinseksion we deratizasion işleri geçirmek boýunça iş;
  5. weterinariýa işi;
  6. tohum maldarçylyk, garaköli baganalary öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
  7. tohumçylyk işi;
  8. balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak bilen baglanyşykly iş;
  9. tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;
  10. nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;
  11. spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek babatynda iş;
  12. azyk önümlerini we ot-iýmleri öndürmek we ýerlemek hem-de sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;
  13. ilatyň iýmit nokatlaryny guramak we taýýar azygy ibermek boýunça iş;
  14. standartizasiýa we metrologiýa babatynda iş;
  15. senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş;
  16. ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;
  17. awiasiýa işi;
  18. deňiz we içerki suw ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;
  19. awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;
  20. elektroenergetika babatynda iş;
  21. aragatnaşyk babatynda iş;
  22. himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
  23. geodeziýa we kartografıýa işi;
  24. gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş;
  25. gurluşyk babatynda iş;
  26. bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;
  27. neşirýat işi;
  28. çaphana işi;
  29. syýahatçylyk işi;
  30. bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;
  31. humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;
  32. auditorçylyk işi;
  33. ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;
  34. gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;
  35. baha kesmek işi;
  36. rieltorçylyk işi;
  37. bank işi;
  38. gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;
  39. aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;
  40. edara görnüşindäki taraplara we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek;
  41. neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş;
  42. raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;
  43. medeniýet we sungat çygryndaky iş;
  44. audio, wideo- we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly iş;
  45. awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda iş;
  46. ýol işi;
  47. lotereýa işi.

Ygtyýarnamany almak üçin gerekli resminamalar we resmileşdirmegiň tertibi

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär:

- edara görnüşindäki tarap üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi);

- şahsy tarap üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan şahsy tarap üçin), hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi).

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:

- edara görnüşindäki tarap üçin - esaslandyryjy resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan buýruk;

- şahsy tarap üçin - hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen sanawy kesgitlenýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge özüniň mümkinçiligini tassyklaýan beýleki resminamalary goşulýar.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna ýazgy boýunça goşulýan resminamalar olaryň ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakyndaky bellik bilen kabul edilýär. Şeýle arzanyň nusgasy ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

Ygtyýarnama bilen bagly giňişleýin maglumaty 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen №202-III belgili Türkmenistanyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” kanunyna seredip öwrenip bilersiňiz.

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022