Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabrigi ýyllyk meýilnamasyny ýerine ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabrigi ýyllyk meýilnamasyny ýerine ýetirdi
Häzirki wagtda “Çeper” tikin fabriginde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär.

Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabrigi ýylyň başyndan bäri 8 million 381 müň manatlyk önüm öndürip, bir ýyllyk göz öňüne tutulan meýilnamany wagtyndan iki aý öň ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz “Çeper” tikinçilik fabriginde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Tikinçilik fabrigiň dizaýnerleri ilatyň isleglerine görä döwrebap modelleriň üstünde işleýär.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly hem, Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Häzirki wagtda “Çeper” tikin fabriginde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Fabrigiň bölek satuw üçin täze biçüwdäki bäsdeşige ukyply ýokary hilli önümleri ministrligiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlary arkaly ilata ýetirilýär.