Ahaldaky benzin zawodynyň tehnologiýasy inženerlik baýragyna mynasyp boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky benzin zawodynyň tehnologiýasy inženerlik baýragyna mynasyp boldy
Kim Knudsen: “Tükmenistanda dünýä derejesinde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawody işe girizdik.”

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynda ulanylýan sintetiki benzin tehnologiýasy TIGAS “2019 IChemE” halkara baýragynyň nebit-gaz ulgamynyň ýeňijisi boldy.

Penşenbe güni Birleşen Patyşalygyň Hall şäherinde geçirilen çärede “2019 IchemE” baýragy TIGAS tehnologiýasyny işläp taýýarlaýjy “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň wekillerine gowşuryldy.

Kompaniýanyň durnukly biznes bölüminiň dolandyryjy wise-prezidenti Kim Knudsen TIGAS tehnologiýasynyň şeýle baýraga mynasyp görülmegine birnäçe ýyllap alnyp barlan barlag we kämilleşdiriş işleriniň sebäp bolandygyny belledi.

“Netijede Tükmenistanda dünýä derejesinde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawody işe girizdik” diýip, Knudsen aýtdy.

“Haldor Topsoe” kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän prosesi işläp taýýarlan dünýäde ýeke-täk kompaniýa bolmak bilen, onuň TIGAS tehnologiýasy senagat ululygynda ilkinji gezek Türkmenistanda ulanyldy.

TIGAS tehnologiýa nebit-gaz ulgamy boýunça “2019 IChemE” halkara baýragynyň soňky tapgyrynda “ExxonMobil Chemicals”, “Flour”, “PETRONAS Penapisan” we “Saudi Aramco” kompaniýalarynyň işlerinden üstün çykdy.

“IChemE” halkara baýragy 25 ýyl bäri himiýa inženerligi babatynda kämil işlere gowşurylýar. 1922-nji ýylda açylan Himiýa inženerleri instituty (IchemE) tarapyndan gowşurylýan bu baýraga öz ugrunda dünýäniň iň abraýly baýragy hökmünde garalýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022