Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystana elektrik enjamyny berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystana elektrik enjamyny berer
Transformatoryň güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolar.

Türkmenistan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna degişli enjamlary bilen bilelikde transformatory ynsanperwer kömek hökmünde muzdsuz berer.

Türkmenistanyň Prezidendi Gurbanguly Berdimuhamedow transfarmatory bermek hakyndaky Buýruga duşenbe güni gol çekdi. Resminama laýyklykda bu enjam iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen berilýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan üpjün ediljek transformatoryň güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolar.

Şu ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystana ynsanperwer kömegi hökmünde birnäçe önümleri muzdsuz bermek barada Buýruga gol çekipdi.

Şeýle hem iýun aýynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde 60 tonna ECO-93 benzini goňşy ýurda iberildi.

2022