Lebap sement zawodyndan 240 müň tonna golaý önüm eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap sement zawodyndan 240 müň tonna golaý önüm eksport edildi
Lebap sement zawodynda önümiň möçberini her ýylda 1,5 million tonna ýetirmäge mümkinçilik bar.

Lebap sement zawodynda şu ýylyň geçen 10 aýynda sementiň 739,099 tonnadan gowragy, pul hasabynda bolsa, 109 million 302 müň 164 manatlygy öndürildi.

Öndürilen sementiň on aýda 238 müň 959 tonnadan gowragy daşarky bazarlara eksport edildi.

Zawodda sulfata durnukly, klinkeriň önümçiligine niýetlenen sementiň M-400 we M-500 görnüşleri öndürilýär.

Ýokary hilli sement öndürmekde gerek bolan esasy çig mal hasaplanýan magdan däl daş önümleri zawodyň golaýyndaky kän hojalygyndan gazylyp alynýar.

Kärhananyň önümçiligi çig mal owradyjyda, ammarda we garyndyly ammarda, farin degirmeninde, klinker ammarynda hem-de esasy sement degirmeninde geçýän tehnologik yzygiderlilige daýanýar. Önümçilik doly awtomatik usulda kompýuter arkaly merkezi dolandyryş edarasynda degişli hünärmenler tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerde öndürilýän sementiň möçberini her ýylda 1,5 million tonna ýetirmäge mümkinçilik bar. Zawod 2018-nji ýylda 935 müň 617 tonna sement öndürdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022