“Adidas” amerikaly we ýewropaly robotlary işden çykarar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Adidas” amerikaly we ýewropaly robotlary işden çykarar
2016-njy ýylda Germaniýanyň Ansbah şäherinde we 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Atlanta şäherinde açylan “Speedfactory” zawodlary 2020-nji ýylyň aprel aýynda ýapylar.

“Adidas” Germaniýadaky we ABŞ-daky robotlar arkaly önümçilik edilýän fabriklerini ýapjakdygyny duşenbe güni mälim etdi. “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, kompaniýa käbir tehnologiýalaryny Aziýadaky önümçilik zawodlaryna geçirmegiň has tygşytly boljakdygyny belledi.

“Adidas”-yň halkara bölüminiň başlygy Martin Şankland robot zawodlarynyň kompaniýanyň innowatiw önümçiligini kämilleşdirendigini aýtdy.

Brendiň soňky harytlaryny esasy bazarlara gysga wagtyň içinde ugratmak maksady bilen 2016-njy ýylda Germaniýanyň Ansbah şäherinde we 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Atlanta şäherinde açylan “Speedfactory” zawodlary 2020-nji ýylyň aprel aýynda ýapylar.

Kompaniýa eýýäm önümçilik bölüminiň aglaba bölegini Ýewropadan Aziýa geçirdi. Häzirki wagtda Hytaýda we Wýetnamdaky şertnamalaýyn zawodlarda 1 milliondan gowrak işçi zähmet çekýär. “Adidas” robot fabriklerinden gazanan tejribesini bu ýerdäki zawodlarda ornaşdyrar.

Adi Dassler tarapyndan 1949-njy ýylda esaslandyrylan “Adidas” kompaniýasynyň geçen ýylky dolanşygy 22 milliard ýewro golaýlady. Kompaniýanyň 2019-njy ýylyň üçünji çärýegindäki anyk girdejisi 646 million ýewro boldy.

2022