“Garabogazkarbamid” zawody 261 müň tonna önüm eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” zawody 261 müň tonna önüm eksport etdi
“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiak öndürmäge ukyply.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli “Garabogazkarbamid” zawody himiýa önümleriniň iri eksport kärhanasyna öwrüldi. Şu ýylyň başyndan bäri kärhana daşary ýurda önümiň üçden iki bölegini – 261 müň tonnasyny iberdi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ulanyşa girizilen iri senagat desgasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň sebitde meňzeşi ýokdur. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-niň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan.

“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiak öndürmäge ukyply bolup, bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.

Karbamid öndürýän kärhanada ýylda 1 milliard kub metre çenli tebigy gazy gaýtadan işlemäge ähli şertler döredilen. Türkmenistan bolsa, dünýäde ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň hatarynda tanalýar.

Türkmen karbamidi dünýä bazarynda islegli önüm bolup, ony häzirki wagtda Bolgariýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň oba-hojalyk pudagynyň öndürijileri satyn alýar.

2022