Daşoguzly şalyçylar meýilnamany doldular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly şalyçylar meýilnamany doldular
Daýhanlar şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşlerini ýygnadylar.

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8,100 gektardan 35,000 tonnadan gowrak hasyl almak arkaly ýyllyk meýilnamany doldular.

Daýhanlar şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşlerini ýygnap, welaýatyň şaly ekerançylygyna ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň şaly arassalaýjy zawodyna tabşyrdylar.

Hasyl ýygnamakda “John Deere” we “Class” kysymly kombaýnlar ulanyldy. Olaryň 200-e golaýy, şeýle hem 400-e ýakyn ýörite ulag we mehanizmler hyzmat etdi.

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, 2018-nji ýylda welaýat boýunça 8 müň 100 gektardan 35 müň 106 tonna şaly hasyly ýygnaldy.

Ýurduň Lebap welaýatynda hem 10,200 gektarda şaly ekilipdi. Welaýatyň Sa­ýat, Ha­laç, Ker­ki, Köý­ten­dag, Çär­jew, Dä­new, Dar­ga­na­ta we Fa­rap et­rap­la­ryn­da şa­ly­nyň ha­syly ir­ki möh­let­ler­de bi­şip ýe­tiş­di. Üstümizdäki şaly möwsüminde 47,400 tonna şaly hasylyny ýygnamagy maksat edinýän Lebaply kärendeçiler şalynyň ilkinji hasylyny bazarlara çykarmaga başladylar.

Şa­ly ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek işi­ne husu­sy­ýet­çi­ler, hu­su­sy kär­ha­na­lar hem go­şu­lyp başla­dy­lar. “Myra­dym” hu­su­sy kär­ha­na­sy Ker­ki et­raby­nyň çä­gin­den 2000 gek­tar ýer alyp, ýö­ri­te şa­ly ek­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem bu hu­su­sy kär­ha­na Ker­ki şä­heri­niň gap­da­lyn­da her ýyl­da 10 müň ton­na şaly­ny aras­sa­lap, ola­ry dür­li gap­lar­da alyjy­la­ra ýe­tir­mek üçin ýö­ri­te de­gir­men toplu­my­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni­ hem tamam­lap bar­ýar.

We­la­ýat­da da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn alyn­ýan to­hum­çy­lyk şaly sort­la­ry hem äh­li babat­da sy­nag­dan ge­çiril­ýär. Rus­si­ýa döw­le­tin­den sa­tyn al­nan “Flag­man” şa­ly sorty we­la­ýa­tyň dört et­ra­byn­da sy­nag­dan üs­tün­lik­li geç­di.

2022