Türkmenistanda Döwlet býujetiniň 75 göterimi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Döwlet býujetiniň 75 göterimi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler
Maliýe serişdeleriniň 75 göterimden gowragy zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynda serişdeleriň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge hem-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow şu ýylyň 10 aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 15,7 milliard manada we çykdajy böleginiň 15,6 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. Şeýle hem G.Myradow öňümizdäki ýyl döwletiň esasy maliýe meýilnamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetiň görkezijileriniň, sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, umuman, erbet bolmandygyny belledi. Has takygyny Türkmenistanda özüniň seljeriş işlerini geçirýän halkara pul gaznasynyň berjekdigi aýdyldy.

2019-njy ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterimden ybarat boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022