Türkmenistanyň banklarynda “Cash back” hyzmatlary ornaşdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynda “Cash back” hyzmatlary ornaşdyrylar
“Cash back” bank hyzmaty haryt üçin geçirilen tölegiň belli bir mukdarynyň kartyň eýesine gaýtarylyp berilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow ýurduň banklarynda “Cash back” bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Cash back” hyzmatlarynyň ýurdumyzyň banklarynyň tejribesine ornaşdyrylmagynyň olaryň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny pugtalandyrmaga, töleg kartlaryny ulanyjylary giňden çekmäge ýardam etmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara şu hyzmatlary hödürlemekde ýüze çykýan gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisinde türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda bu ulgamda innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ulanmagyň uly geljegi bardygy bellendi.

“Cash back” bank hyzmaty haryt üçin geçirilen tölegiň belli bir mukdarynyň kartyň eýesine gaýtarylyp berilmegini göz öňünde tutýar. Dünýä tejribesinde iň ýokary “Cash back” 5%-den ybarat bolup, hyzmat kartyň eýesini nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga höweslendirýär.

2022