“Warner Bros.” brend keşbini täzeledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Warner Bros.” brend keşbini täzeledi
Studionyň direktory Ann Sarnoff meşhur suw çeleginiň öňünde “Bugs Bunny” bilen kompaniýanyň täze brend keşbini köpçülige tanatdy.

2023-nji ýylda ýüzýyllygyny bellejek “Warner Bros.” studiosy çarşenbe güni täze logosyny mälim etdi.

Studionyň direktory Ann Sarnoff meşhur suw çeleginiň öňünde “Bugs Bunny” bilen kompaniýanyň täze brend keşbini köpçülige tanatdy.

“Güýçli brend bize diňe bir ýolumyzy däl, eýsem, maksadymyzy hem görkezýär, buýsanjymyzy sözlere dökýär. Şeýle hem bu brend işgärlerimize, döredijilik we biznes ugurlaryna bile işleşýän taraplarymyza, dünýä ýüzündäki muşdaklarymyza biziň kimdigimizi aýdýar” diýip, Sarnoff çärede belläp geçdi.

“Warner Bros.” brend keşbi bilen bir hatarda kompaniýanyň düzgünnamasyna hem täzelikler girizdi.

Studionyň esasy maksady “Dünýäniň ylham beriji hekaýatçylary bilen hyzmatdaşlyk saklamak arkaly ýokary hilli önümleriň öňdebaryjy döredijisi we paýlaýjysy bolmak” görnüşinde üýtgedildi. Kompaniýanyň täze brend keşbi “Hekaýanyň güýjüne ynanýarys” sözleri bilen umumylaşdyryldy.

Täze keşp “Pentagram” dizaýn studiosy tarapyndan taýýarlanyp, 2020-nji ýylda ulanylmaga başlanar. Bu logo “Warner Bros.”-yň taryhy keşbiniň has sadalaşdyrylan we häzirki zaman dizaýn talaplaryna gabat gelýän görnüşi bolup durýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022