Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
Duşuşykda energetika we ulag howpsuzlygy, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň üstünde durlup geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 15-16-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, energetika we ulag howpsuzlygy, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, ekologiýany gorap saklamak ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň üstünde hem durlup geçildi.

Taraplar sebitde ykdysady ösüşi, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak üçin strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine seredip geçdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geljekki maslahata taýýarlyk görmek meselelerini aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynyň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen esaslandyrylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşdyrylan hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hem-de bu sebitiň geosyýasy, ykdysady we ulag-logistiki mümkinçilikleriniň ähmiýetini belledi.

Şeýle-de taraplar gönüden-göni tutuş Ýewraziýa yklymynyň ösüşine täsir edýän, sebitiň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki alyp barýan işlerini dowam etmek barada ylalaşdylar.

2022