Künjek kän müdirligi 1 million kub metrden gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Künjek kän müdirligi 1 million kub metrden gowrak önüm öndürdi
Köýtendag etrabyndaky Künjek kän müdirliginde magdan däl gurluşyk önümleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Künjek kän müdirliginde ýylyň başyndan bäri 1 million 43 müň kub metre golaý magdan däl gurluşyk önümleri öndürildi.

Ýurduň Gündogar sebitinde çig mal goruny özleşdirmäge goşandyny goşýan kärhana Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendaşlary” önümçilik birleşigine degişlidir.

Müdirlik boýunça ýylyň başyndan bäri 227 müň 755 kub metr önüm artyk öndürilip, meýilnama 128% ýerine ýetirildi.

Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 20 million 600 müň manatdan gowrak boldy.

Bu ýerde çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önümiň çykyşyna çenli tutuş tehnologik işler, dolulygyna awtomatlaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022