Türkmenistan bilen Kuba özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Kuba özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdi
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilemegi ugrundaky işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kubanyň Ilçisi dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly gatnaşyklary saklamak maksadyna gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm orny barada belläp, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdi. Şeýle-de, saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçiliklere seredildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilemegi ugrundaky işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi 2017-nji ýylyň noýabr aýynda işe başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022