Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda duşenbe güni Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy.
SPEKA günleriniň açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy.
Çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisiniň dowamynda gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebitde we sebitden daşary ulag-üstaşyr ulgamlary kämilleşdirmek mümkinçiligine seredildi.
Söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stola” gatnaşyjylar SPEKA ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada pikir alyşdylar hem-de söwda işini girizmek, şol sanda maýa goýum işlerini ýeňilleşdirmek boýunça teklipleri berdiler.
SPEKA maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem olary dünýä ykdysady ulgamyna utgaşdyrmak maksady bilen 1998-nji ýylda esaslandyryldy.
Aşgabatdaky SPEKA günleri 21-nji noýabra çenli dowam eder.