Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler
Manama şäherinde 26-28-nji noýabr aralygynda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler.

Bahreýn Söwda we senagat edarasynyň çakylygynyň esasynda 26-28-nji noýabr aralygynda Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler.

Maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden düzülen türkmen topary 25-29-njy noýabr aralygynda Bahreýn Patyşalygynda iş saparynda bolar.

Toparyň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girer.

Iki ýurduň arasyndaky işewürler maslahatynyň soňkusy Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň mart aýynda amala aşyran Türkmenistan saparynyň çäklerinde geçirilipdi.

Şol maslahatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda we senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasynyň arasynda “Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga”, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasynyň arasynda “Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga”, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

18-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hemişelik hereket edýän türkmen-bahreýn işewürler geňeşini döretmek barada oýlanmagy teklip edipdi.

2022