Türkmenistanyň obalarynda bankomatlaryň sanyny köpeltmek tabşyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň obalarynda bankomatlaryň sanyny köpeltmek tabşyryldy
Türkmenistanyň daýhan birleşiklerinde we arçynlyklarda bankomatlaryň 512 sanysy ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň oba ýerlerinde bankomatlaryň sany köpeldiler. Penşenbe güni ýurduň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň we “Daýhanbankyň” ýolbaşçylaryna bu barada tabşyrdy.

Döwlet Baştutany önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary gijikdirmän, wagtynda geçirmek, oba ýerlerinde bankomatlaryň sanyny köpeldip, olarda hemişe nagt pul serişdeleriniň bolmagyny üpjün etmek we muňa berk gözegçilik etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ekinleri ösdürip ýetişdirmekde hem-de tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek barada ýörite karar kabul edilendigini aýdan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara bank karzlarynyň uzaga çekdirmän, wagtynda berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň dowamynda telekeçilere bölünip berlen ýerlerde ýyladyşhanalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmalydyklaryna hem ünsi çekdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe bu ýer bölekleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

“Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan awgust aýynda ýaýradylan maglumata görä, bank tarapyndan Türkmenistanyň daýhan birleşiklerinde we arçynlyklarda bankomatlaryň 512 sanysy ýerleşdirildi. Şeýle hem töleg terminallarynyň 2,296-sy oba ýerlerinde ornaşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022