Türkmenistanyň içerki demir ýoluny elektrikleşdirmek işi çaltlandyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň içerki demir ýoluny elektrikleşdirmek işi çaltlandyrylar
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň içerki demir ýollarynyň durkuny täzelemek, olary elektrikleşdirmek işleriniň depginleriniň çaltlandyrylmagyny nygtady.

“Türkmenabat – Türkmenbaşy” demir ýolunyň durkuny täzelemek we elektrikleşdirmek boýunça zerur işler geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň senagat-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen çarşenbe güni geçiren iş masahatynda belläp geçdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň içerki demir ýollarynyň durkuny täzelemek, olary elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak işleriniň depginleriniň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.

“Ýokary tizlikli otlularyň bökdençsiz gatnamagy üçin demir ýollary elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak işi alnyp barylmaýar” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky ýerine ýetirilmeli işlere ünsi çekdi.

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygyny giňeltmelidigini aýdan Türkmenistanyň Prezidenti “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demir ýolunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutany maslahatyň dowamynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Halkara howa gatnawlary assosiasiýasyna (IATA) girmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini bellän Prezident Berdimuhamedow elektron hasaplaşyklar görnüşindäki internet-saýtyň üsti bilen howa gatnawlary üçin petekleri ýerlemegiň has kämilleşdirilmelidigini nygtady. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022